Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasynyň eksportyny 6 esseden gowrak artdyrdy

  • 28.12.2022 09:08
  • 7.8k+

Türkmenistan 2022-nji ýylda Gyrgyzystan Respublikasyny elektrik energiýasy bilen esasy üpjün ediji boldy. Gyrgyzystanyň daşary we özara söwdasy baradaky hasabatyna görä, şu ýylyň başyndan bäri iberilýän önümleriň bahasy 56,7 million dollarlyk diýip bahalandyrylýar.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda Gyrgyzystan 2,66 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny import etdi, şolardan 2,25 milliard kilowat sagady Türkmenistandan import edildi. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Gyrgyzystana türkmen elektrik energiýasynyň eksporty 6,6 esse ýokarlandy.
2021-nji ýylda Respublika 305,8 million kilowat sagat türkmen elektrik energiýasy bilen üpjün edildi. Üpjünçiligiň bahasy 9,7 esse ýokarlandy.


şu gün 23:05
244

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

şu gün 16:45
685

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......