Noýabrda Türkmenistandan 1600 adam Azerbaýjana syýahata bardy, bu geçen ýylkydan 5 esse köp

  • 27.12.2022 18:57
  • 20k+

Noýabr aýynda Azerbaýjana baryp gören türkmen syýahatçylarynyň sany, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,1 esse artdy diýip, Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça döwlet agentligine salgylanýan Trend ýazýar.

2022-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjana jemi 1600 türkmenistanly baryp gördi. 2021-nji ýylyň noýabrynda bolsa agzalan ýurda Türkmenistandan jemi 308 syýahatçy barypdy. Agentligiň maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň noýabrynda Azerbaýjana baryp gören syýahatçylaryň sany boýunça Türkmenistan ýurtlaryň ilkinji 15-ine girdi.
Üstümizdäki ýylyň noýabrynda Azerbaýjana jemi 135 370 daşary ýurtly baryp gördi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 54% köpdür.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....