Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada maglumat

  • 25.12.2022 23:02
  • 46k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurmaga meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, ýol hereketini statistika hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiliginiň, elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň merkezleri bar.

Bu desgalaryň şekil taslamalary bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran nobatdaky iş saparynyň barşynda tanyşdy.
Bellenilişi ýaly, senagat maksatly desgalaryň gurluşygy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde täze merkezde ululy-kiçili önümçilik kärhanalary, aýratyn-da, gaýtadan işleýän önümçilikler dörediler. Munuň özi azyk howpsuzlygyny, degişli ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek bilen bir hatarda täze iş orunlarynyň döremegini, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegini üpjün eder.   
Gurbanguly Berdimuhamedow şekil taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizip, binalaryň gurluşygynda, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň işleýiş ulgamynda we önümçilik toplumlarynda häzirki zaman ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işlere täzeçil çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekdi.  
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkeziň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygyna başlamaga ak pata berip, bu işde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň netijeli ulanylmalydygyny belledi.


şu gün 13:44
448

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......