Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy

  • 25.12.2022 22:45
  • 24k+

24-nji dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. 

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow merkezde şekil taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizip, binalaryň gurluşygynda, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň işleýiş ulgamynda we önümçilik toplumlarynda häzirki zaman ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işlere täzeçil çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekdi.  
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkeziň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna başlamaga ak pata berip, bu işde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň netijeli ulanylmalydygyny belledi.


şu gün 13:44
448

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......