Türkmen mekdep okuwçysy halkara matematika bäsleşiginde bürünç medal gazandy

  • 24.12.2022 17:11
  • 41k+

10-njy dekabrda Indoneziýada «Leibniz International Math Olympiad Challenge 2022» atly  halkara internet matematika bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige 24 döwletden jemi 431 sany zehinli okuwçylar gatnaşdy.

Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Maksat Taganow bürünç medala mynasyp bolmagy başardy.
Belläp geçsek, bu abraýly bäsleşik Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda döredilen «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň ýardamy bilen internet arkaly geçirildi.
TmCars.info-nyň ýakynda türkmen mekdep okuwçylarynyň Tailand Patyşalygynda geçirilen «Online Halkara Matematika Bäsleşigi — 2022» atly halkara matematika bäsleşiginde hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny habar beripdi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......