Türkmen okuwçylary halkara internet matematika bäsleşiginde ýeňiş gazandylar

  • 06.12.2022 11:58
  • 16k+

Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary Tailand Patyşalygynda geçirilen «Online Halkara Matematika Bäsleşigi — 2022» (Online International Math Challenge 2022) atly halkara matematika bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň 18-19-njy noýabry aralygynda IT meýdançasynyň ýardamy bilen onlaýn görnüşde geçirildi. Matematika dersi boýunça halkara bäsleşigine 81 döwletden 5000-den gowrak zehinli okuwçylar gatnaşdy. Halkara matematika bäsleşigi  6 kategoriýa (ýaş aýratynlyk derejesi) boýunça geçirildi. Bu abraýly bäsleşige 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepden jemi 13 sany okuwçy gatnaşyp, mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Leýli GarlyýewaI orna,  8-nji synp okuwçysy Hakberdi Orazow, 9-njy synp okuwçylary Meýlis Jumaýew, 10-njy synp okuwçysy Ýunus Emre Döwranow we 11-nji synp okuwçysy Merdan Akyjanow — II orna, 8-nji synp okuwçylary Maksat Taganow, Agajan Döwranow, 9-njy synp okuwçysy Aýjemal Gutlymyradowa — III orna6-njy synp okuwçylary Azat Nepesow, Bägül Aşyrowa, Aýşa Akmyradowa, 7-nji synp okuwçysy Gytlymyrat Gutlymyradow — Minnetdarlyk hatyna mynasyp boldylar.


Bäsleşikde topara mekdebiň matematika mugallymy Gurbanmyrat Jelaletdinow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň mugallymy Mährijemal Nepesowa ýolbaşçylyk etdi.
Ýaş zehinli okuwçylarymyzyň halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynda döredilip berilýän şertleriň aýdyň netijesi bolup durýar.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......