Daşary ýurtlular üçin Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin arzalar kabul edilip başlandy

  • 24.12.2022 16:15
  • 38k+

Şu gün, 24-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň 2023-2024-nji okuw ýyly üçin hökümet kwotasynyň çäklerinde daşary ýurtlulary, şol sanda türkmenistanlylary Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak üçin arzalary kabul etmek başlandy. Bu barada «Russkiý öýi» — GDA-nyň işleri boýunça federal agentligiň resmi çeşmesi — Telegram-kanalyna salgylanýan Orient habar berýär.

Bellige almagyň maglumat ulgamy: https://education-in-russia.com/ salgysynda elýeterdir.
Suratyňy ýelmäp, anketa doldurmaly, pasportyň, bilim hakyndaky resminamanyň (ýa-da okan döwrüň hakyndaky güwänamanyň) skan-nusgasyny almaly we doldurylan anketany portalyň üsti bilen ýollamaly-da , elektron arzany “barlaga” ýagdaýa geçirmeli.
Resminalary kabul edişlik 2023-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli dowam eder.
Ýurtlarda dalaşgärleriň seçilip alnyşyna degişli sowallar boýunça Rossotrudniçestwanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalaryna ýa-da RF-niň diplomatik wekilhanalaryna ýüz tutmaly.
Üstümizdäki okuw ýylynda 250 türkmenistanlynyň Russiýada mugt okamaga mümkinçilik alandygyny bellemelidiris.


11.06.2026 07:39
4.4k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

02.06.2026 19:33
6.9k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......

26.04.2026 20:55
3.6k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......