Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

  • 21.05.2026 10:38
  • 1.8k+

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary ýokary netijeleri görkezdi. Bu barada uniwersitetiň öz resmi saýtynda habar berilýär.

Bäsleşik üç ugur boýunça geçirildi we oňa Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy, Belarus, Özbegistan, Gyrgyzystan we Gazagystan döwletlerinden 4278 gatnaşyjynyň arasyndan saýlanan 57 topar gatnaşdy. Sekiz sany hünärmenden ybarat türkmen topary «Kiberdrom. Talyp» (Кибердром. Студент) ugry boýunça bäsleşdi. Okuw we synag tapgyrlarynda kiberfiziki gurluşlary simulýatorda dolandyrmak we ýokary derejeli akrobatiki öwrümleri ýerine ýetirmek boýunça talyplar uly ussatlyk görkezdi.

Bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Şahsy hereket serişdelerini ýygnamak» (Сборка.СИМ) tapgyrynda türkmen talyplary 35 bölekden ybarat uçýan kiberfiziki gurluşy bary-ýogy 10 minutyň dowamynda ýygnap, 97,3 ortaça bal bilen birinji orny eýeledi we özboluşly rekord goýdy. Şunda dört talyp ýalňyşsyz 100 bal almagy başardy.

Şeýle hem talyplar Python programmirleme dilinde ýazan programma üpjünçiligi arkaly kiberfiziki gurluşlaryň 16 sany ýüki bellenen nokatlara awtomatik usulda daşamagyny üpjün etdi.

2026-njy ýylyň 11-16-njy maýy aralygynda geçirilen bäsleşigiň soňky Grand Final tapgyrynda uniwersitetiň talyplary iň güýçli sekiz toparyň arasynda ýokary netijeler bilen tapawutlandy.

Simulýator ýaryşynda topar ýolbaşçysy, III ýyl talyby Kerim Nazarow 64 gatnaşyjynyň arasynda 58 sekunt netije bilen birinji orny eýeledi. Iki günlük ýaryşyň jemleri boýunça uniwersitetiň «Oguz Wings» topary umumy hasapda halkara bäsleşigiň ikinji ornuna mynasyp boldy.

Mundan başga-da, «Kibereltme» (Кибердоставка) we «Ekipažsyz kiberfiziki gurluşlaryň ýaryşy» (Гонка БЭК-ов) tapgyrlaryndaky ýokary tizligi we çeýeligi üçin türkmen topary «Köp rotorly kiberfiziki gurluşlary iň çeýe, iň çalt we iň dogry dolandyran topar» (Мультироторный маневр) kubogy hem-de hormat haty bilen sylaglandy.


şu gün 07:32
2.2k+

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

08.06.2026 23:01
2.5k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
3.9k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6.7k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....