Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

  • 26.04.2026 20:55
  • 3.6k+

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (Uniwersitetiniň) rektory Anatoliý Torkunow we Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany Andreý Suşensow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen ylalaşygyň esasynda ylmy-bilim gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine garady.

Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary talyplary we mugallymlary yzygiderli alyşmagyň mümkinçiliklerini, halkara gatnaşyklary we energetika diplomatiýasy ulgamynda bilelikdäki bilim maksatnamalaryny taýýarlamagy, şeýle hem talyplary halkara we jemgyýetçilik-diplomatik işlere çekmäge gönükdirilen başlangyçlary amala aşyrmagy maslahatlaşdy.

Şeýle hem G.Ýusupowanyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça üçünji departamentiniň direktory Aleksandr Sternik bilen duşuşygy boldy, onda ikitaraplaýyn gepleşikleriň ösüşi barada pikir alşyldy.

22-nji aprelde MGIMO-da mugallymlaryň, bilermenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda tegelek stol maslahaty geçirildi. Gatnaşyjylar ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi, magistrantlaryň we mugallymlaryň akademiki alyşmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi, talyplar üçin gysga möhletli özara tejribelik okuwlaryny we mugallymlaryň saparlaryny guramagy, diplomatik gulluk hem-de energetika diplomatiýasy ulgamynda bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp düzmegi, ylym-bilermenler ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini, şol sanda türkmen dili boýunça bilelikdäki okuw kitabyny neşir etmegi we ylmy işleri özara çap etmegi ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar halkara hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanmalaryny tassyklady we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri kesgitledi.


28.06.2026 23:39
3.9k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

28.06.2026 10:02
2.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.2k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......