Apple MacBook-yň önümçiligini HHR-dan Wetnama bölekleýin geçirmek isleýär

  • 22.12.2022 15:31
  • 3.6k+

Amerikanyň Apple korporasiýasy 2023-nji ýylyň ortalaryna çenli MacBook noutbuklarynyň önümçiligini  HHR-dan Wetnama bölekleýin geçirmek isleýär. Bu barada sişenbe güni çeşmelere salgylanyp, Nikkei gazeti habar berdi diýip TASS habar berýär. 

"Şunlukda Apple öz önümlerini HHR-yň daşyna çykarmak üçin alternatiwa döretmäge çalyşýar" - diýip, neşiriň çeşmesi nygtady. Korporasiýanyň degişli meýilnamasy tehnologiýa çygrynda Waşington bilen Pekiniň arasyndaky düşünişmezlikler, şeýle hem koronawirusyň ýaýramak howpy sebäpli Hytaýyň hökümeti tarapyndan girizilen çäklendirmeler netijesinde önümçilik aýlawynda ýüze çykan düzgün bozulmalar bilen baglydyr diýip Nikkei belleýär.  

Gazetiň maglumatlaryna görä, MacBook-y ýygnaýan kärhanalary Hytaýyň Çendu we Şanhaý şäherlerinde ýerleşen Apple her ýyl 20 milliondan 24 milliona çenli noutbuk öndürýär.


19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....