Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi

  • 19.12.2022 23:53
  • 9.9k+

Şu gün, 19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow ministriň Türkmenistana şu gezekki saparynyň uzakmöhletleýin türkmen-saud gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirip, iki dostlukly döwletiň daşary syýasat edaralarynyň geňeşmelerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady. 
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe kararnamalar bu başlangyçlaryň möhümdigine şaýatlyk edýär.
Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud iki ýurduň hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň  oňyn depginini  we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly eksport-import mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlary, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......