Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

  • 10.12.2022 02:23
  • 21k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Sylaglamak dabarasy anna güni Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Bellenilişi ýaly, bu sylag Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny pugtalandyrmak, Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende götermek, ählumumy halkara maslahatlaryny durmuşa geçirmek,  daşary döwletler we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek işine goşan şahsy goşandyny, döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny belende götermekde, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini has-da kämilleşdirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp gowşuryldy.
Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny minnetdarlyk bilen kabul edip, bu sylagyň Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna agzybirlikde we jebislikde çeken zähmetimize berlen bahadygyny belledi.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......