Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň on bir aýda işleriniň netijelerine seretdi

  • 09.12.2022 08:09
  • 17k+

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji dekabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibini düzdi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary ýolbaşçylyj edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdiler. Hususan-da, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen harby-taktiki okuwlaryň netijeleri barada hasabat berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryny Ýaragly Güýçlerden gullukdan boşatmagyň we harby gulluga çagyrmagyň barşy barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Baş prokurory käbir ýolbaşçylaryň we işgärleriň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmekleri, şeýle hem para almaklary bilen baglanyşykly jenaýatçylykly etmişleriň ýüze çykarylandygyny habar berdi.
Bellenilişi ýaly, aýyplanýanlaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan bikanun girdejileri, kazyýetiň hökümi bilen, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we bikanun baýamagyň närsesi hökmünde döwletiň haýryna geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, olaryň netijelerini ýok etmäge gönükdirilen anyk çäreleri kesgitlemek boýunça zerur işleri geçirmek babatda görkezme berildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......