Türkmenistan RF bilen ulag-logistika boýunça bilelikde topar döreder

  • 03.12.2022 09:38
  • 11k+

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-rus bilelikdäki toparyny dörederler. Bu topar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag we üstaşyr çygrynda hyzmatdaşlyk barada düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda hem-de ýolagçylary, ýükleri ikitaraplaýyn we üstaşyr gatnatmak, logistikany ösdürmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen dörediler.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew toparyň türkmen bölegini döretmek barada habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň uly üstünliklere beslenýändigini nygtady. Döwlet Baştutany ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ulag ugurlarynyň strategik ähmiýetine ünsi çekip, bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....