Nikkei: Ýaponiýanyň banky 2023-nji ýylda sanly iýeni iş ýüzünde synagdan geçirip başlar

  • 26.11.2022 16:03
  • 4.4k+

Ýaponiýanyň banky (merkezi bank) 2023-nji ýylyň ýazynda üç sany iri milli bank bilen hyzmatdaşlykda sanly iýeni synagdan geçirmegiň soňky amaly tapgyryna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni Nikkei gazeti ýazdy diýip, TASS habar berýär. 

Onuň maglumatlaryna görä, ýapon milli sanly walýutasyny synag etmegiň iki ýyllyk maksatnamasynyň dowamynda kadalaşdyryjynyň göz ýetirmek isleýän zady: ulanyjylaryň depozitlerden peýdalanyp biljegi, ulgamyň özüniň bolsa, internet bilen birikmedik wagty hem, işjeňligini saklap biljegi. Şonuň bilen birlikde, Yomiuri gazetiniň belleýşi ýaly, synagyň dowamynda käbir kompaniýalar we hususy adamlar amalyýetde sanly iýeni ulanmaga synanyşyp bilerler.
2026-njy ýylda synagyň bu soňky tapgyry tamamlanandan soň, belki, sanly iýeni ykdysadyýete ornaşdyrmak barada karar kabul ediler diýip garaşylýar. Mundan öň 2021-nji ýylda we soňky ýyllarda hünärmenler sanly walýutanyň emissiýasy we dolanyşygy bilen bagly işleri eýýäm barlap gördüler.
Sanly walýutalar, edil kriptowalýutalar ýaly, adaty puldan tapawutlylykda diňe sanly giňişlikde ulanylýar. Emma kriptowalýuta bilen bagly ýagdaýda iş ýüzünde islendik ulanyjy emitent bolup biler, şol bir wagtda sanly milli walýutanyň emitenti döwlet sazlaýjysy bolup durýar.
Ýaponiýada sanly walýutanyň ornaşdyrylmagy bilen nagt däl hasaplaşyklary işjeň ulanmaga mümkinçilik bolar diýip umyt baglaýarlar, çünki ýurt bu babatda beýleki döwletlerden esli yzda barýar.
Bu, hususan-da, alyjydan satyja serişdeleriň gelmegini tizleşdirmäge mümkinçilik berer, sebäp diýseň häzir Ýaponiýada pul, kredit kartlary bilen tölenende,  telekeçilige diňe bir aý geçirip onsoň gowuşýar.


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......