Daşoguz welaýatynyň birnäçe häkimlikleri ýatyrylyp, Şabat etrap häkimligi döredildi

  • 26.11.2022 13:49
  • 24k+

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap häkimligi diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimlikleri hem-de Köneürgenç şäher häkimligi ýatyryldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizer.
Daşoguz welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.


20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

11.06.2026 13:44
3.9k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......