Times: NASA 2030-njy ýyla çenli Aýyň üstünde baza gurar

  • 25.11.2022 23:58
  • 10k+

ABŞ-nyň Aeronawtika we älem giňişliginiň barlagy boýunça milli müdirligi (NASA) 2030-njy ýyla çenli Aý bazasyny gurmagy meýilleşdirýär, ol ýerde alymlar Artemis Aý maksatnamasyna laýyklykda ýaşap we işläp bilerler. Bu barada The Times gazeti habar berdi.

“Ol ýerde diňe bir ýaşabam däl, eýsem arkaýyn ylym bilen hem meşgullanyp bolar ” – diýip, Orion kosmos gämisini goýbermek maksatnamasynyň birinji tapgyrynyň ýolbaşçysy Goward Hu aýdýar. “Eýýäm şu onýyllykda biz adamlary Aýa goýberip bileris, olar ol ýerde uzak wagtyň dowamynda ýaşap bilerler” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Aý bazasy hereket edýän platformanyň we lunohodyň ýaşamaga ýaramly üstünde ýerleşen esasy ýaşaýyş ýerinden ybarat bolar. Artemis maksatnamasynyň bahasy şu günki gün 37 mlrd dollar diýip bahalandyrylýar, 2025-nji ýylda bolsa onuň bahasy 90 mlrd dollar bolar diýip, neşir takyklaýar. 16-njy noýabrda NASA Artemis maksatnamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde üsti Orion korablly aşa agyr Space Launch System raketa göterijisiniň goýberilişini amala aşyrdy. Ikinji tapgyr (Artemis 2) borty ekipažly Orion korablynda Aýy aýlanyp çykmagy, üçünji (Artemis 3) bolsa Aýa astronawtlary we yzygiderli uçýan missiýany düşürmegi öz içine alýar.


27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......