Gurbanguly Berdimuhamedow noýabrda Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen barar

  • 25.11.2022 17:33
  • 20k+

Şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna boljak birinji resmi sapary parlament ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň 24-nji noýabrda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen geçiren telefon arkaly gepleşiginde bellenildi. Muny türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn gün tertibinde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşyklar barada pikir alyşdylar.
Taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Busan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň netijelerine syn berdiler, şeýle hem 2023-nji ýylda Aşgabatda bu forumynyň nobatdaky 16-njy mejlisiniň ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu forumda başlyklygy uly jogapkärçilik we minnetdarlyk duýgulary bilen kabul edýändigini aýdyp, şu günlerden başlap 2023-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň nobatdaky 16-njy mejlisini geçirmäge işjeň taýýarlyga başlaýandygyny belledi.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
995

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......