Ronaldu 500 mln abunaçysy bolan dünýäde ilkinji adam boldy

  • 23.11.2022 08:36
  • 13k+

Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysynyň we Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Instagram-da 500 mln abunaçy belliginden geçen dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada rport.ria.ru habar berýär.

Şu ýyl 37 ýaşly Ronaldunyň abunaçylarynyň sany 100 mln adam köpeldi. Argentinanyň milli ýygyndysynyň we “Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Messiniň bolsa 376 mln abunaçysy bar.
Öň, Ronaldu bilen Messi egin-eşik we aksessuar brendiniň mahabat düşüriş işlerine gatnaşdy. Futbolçylar kadrda küşt oýny pursatynda şekillendirildi.
Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Katarda geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýar. Onuň üçin bu karýerasynda bäşinji dünýä birinjiligidir. Portugaliýalylar 24-nji noýabrda Gananyň milli ýygyndysyna garşy ýaryşda ilkinji oýnuny oýnarlar.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

19.05.2026 21:42
5.2k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....