Serdar Berdimuhamedow türkmen-emirlikler işewürlik maslahatynyň açylyşyna gatnaşdy

  • 22.11.2022 15:35
  • 6.1k+

Şu gün Abu-Dabi şäherindäki «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasynda Türkmenistan — BAE işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň açylyş dabarasyna Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Myhmanhananyň esasy girelgesiniň öňünde döwlet Baştutanyny Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui garşylady. Giriş sözünden soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy mynasybetli çykyş etdi.
Şu günki maslahatyň uly wekilçilikli düzümine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistana aýratyn gyzyklanma bildirilýändiginiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalşylýandygynyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýdyp, döwlet Baştutany işewürlik ugurly türkmen-emirlikler gatnaşyklarynda gazanylan netijeler we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin durup geçdi. Şunda dostlukly ýurduň degişli düzümleri tarapyndan Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara goýulýan maýa goýumlar hem-de olary has-da artdyrmak babatda anyk teklipler beýan edildi. 
Hususan-da, bu ýerde gürrüň BAE-niň işewürler bileleşiginiň ýurdumyzyň halkara turba geçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmäge, gazhimiýa senagatyny, ulag-üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, senagat kooperasiýasy, «ýaşyl» energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge işjeň gatnaşmagyny gazanmak barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident elektrik energetikasy, kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, dokma pudagy, ylmy köp talap edýän we innowasion önümçilikler, şähergurluşyk, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ýaly pudaklarda maýa goýum işini ösdürmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Çykyşda türkmen tarapynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçiler bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegine, göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin işewürlik binýatlaryny döretmegine aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. 
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi. Çykyşlar tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Işewürlik maslahatynyň geçýän ýerinde sergi ekspozisiýasy ýaýbaňlandyrylyp, onda «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly dokma, haly, gurluşyk, elektronika, konditer önümleri we beýleki harytlar görkezildi.
"Ýeri gelende bellesek, şu günki Türkmenistan — BAE işewürlik maslahatyna türkmen tarapyndan düzüminde 30-dan gowrak adam bolan işewür wekiliýet gatnaşýar. Şolaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, hususy telekeçiler bar" diýlip, habarda bellenilýär.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......