Indoneziýa daşary ýurtly syýahatçylar üçin elektron wizany işe girizdi

  • 14.11.2022 14:04
  • 4.8k+

Indoneziýanyň häkimiýetleri 46 döwletden daşary ýurtly syýahatçylar üçin elektron wizany resmileşdirmek boýunça onlaýn hyzmaty işe girizdi. Bu barada Antara agentligi habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.

“Indoneziýanyň Kada-kanunlar we adam hukuklary ministrligi ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin immigrasiýa hyzmatlaryny ýönekeýleşdirmek maksady bilen molina.imigrasi.go.id saýtynda e-VoA wizasyny almak üçin resmi taýdan elektron serwisi işe girizdi. Şeýle-de, kämilleşdirilen ulgamyň netijesinde syýahatçylara indi wizany tölemek üçin nobata durmak gerek däl” – diýip, neşir ýazýar.

Täze hyzmat Awstraliýa, Awstriýa, Argentina, Braziliýa, Belgiýa, Kanada, Hytaý, Çehiýa, Daniýa, Müsür, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Wengriýa, Hindistan, Irlandiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Litwa, Malaýziýa, Meksika, Marokko, Norwegiýa, Portugaliýa, Russiýa, Türkiýe ýaly 46 döwletden pasport eýeleri üçin elýeterlidir.

“Wiza almak üçin daşary ýurtly raýatlar saýtda akkaunt döredip, wiza almak üçin arzasyny hasaba almaly. Mundan başga-da, olar Visa, Mastercard ýa-da JCB logotipli kredit ýa-da debet kartynyň kömegi bilen hyzmat üçin onlaýn görnüşde göni töleg töläp bilerler. Töleg girizilenden soň e-VoA üçin maglumatlar barlanar. Arza tassyklanan halatynda elektron wiza arza berijiniň akkauntynda peýda bolar” – diýip, Antara ýazýar.

Mundan başga-da, arza beriji smartfona tassyklanan wizany ýükläp alyp, ony Indoneziýa gelende barlag-geçiriş nokadynda görkezip biler.


05.06.2026 21:38
6.5k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......