Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi

  • 13.11.2022 23:11
  • 20k+

Şu gün, 13-nji noýabrda Türkmenistanyň ähli künjeginde Hasyl toýy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde geçirildi.

Belläp geçsek, 12-nji noýabrda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine uly goşant goşan kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl has ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal, döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Şu ýyl ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnalyp alyndy. Türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet buýurmasyny üstünlikli berjaý edip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar, olar 1 million 500 müň tonna golaý bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Gök, miwe we bakja önümleriniň hem bol hasyly ýygnalyp alyndy. Hasyl baýramynyň öň ýanynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary “ak altyn” ýygnamak boýunça, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary boýunça şaly ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......