Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna döwlet sylaglary gowşuryldy

  • 12.11.2022 14:36
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy:

  • Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ajapsoltan Hanymowa,
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annaoraz Aşyrmyradowiç Annamyradow,
  • Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annamuhammet Gurbanowiç Annadurdyýew,
  • Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetnazar Amanberdiýewiç Gurdyýew,
  • Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň baş mehanigi Gara Myratmuhammedowiç Annaýew,
  • Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurly Gulatarow,
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gubadag etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Dädemyrat Hudaýberdiýewiç Kakabaýew,
  • Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Hazynaly toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjemal Kakaýewna Atajykowa,
  • Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tuwakgül Mämedowna Palwanowa,
  • Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Mürzebeg gala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulsenem Döwletowa,
  • Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň baş agronomy Agamyrat Taganowiç Öwezow,
  • Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýna Akmuradowna Jumadurdyýewa,
  • Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Parahat Jumageldiýewiç Seýdiýew,
  • Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbegenç Amandurdyýewna Gurbanowa,
  • Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kakabally Atageldiýewiç Orazmyradow

düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......