Samarkantda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy geçirildi

  • 12.11.2022 07:37
  • 10k+

11-nji noýabrda Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda özbek Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy türki döwletleriň ýakynlaşmagy we gülläp ösmegi ugrundaky işde goşan ägirt uly goşandy nazara alnyp berlen ýokary sylag bolan Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär.
Biziň döwletara gatnaşyklarymyza mahsus bolan özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bize ýygy-ýygydan duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Gahryman Arkadagymyz ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlykda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm ornuny nygtap, kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň, kanunlary işläp taýýarlamakda tejribe alyşmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.


düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......