Gurbanguly Berdimuhamedow türki dünýäniň Liderleriniň Samarkant sammitinde çykyş etdi

  • 11.11.2022 13:09
  • 12k+

«Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň sammitdäki çykyşy Türkmenistanyň bu guramanyň çägindäki gatnaşyklarda ileri tutýan ugurlaryny öz içine aldy» diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

Habarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda bu sammitiň ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, oňa halkara we sebit işlerinde Türki Döwletleriň Guramasyna oňaýly täsir etmäge gönükdirilen waka hökmünde garalýandygyny belledi. «Türkmenistan häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryna mahsus bolan çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, esasy strategik maksady gazanmak üçin döwletleriň tagallalaryny yzygiderli birleşdirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu maksatlar çözgütler kabul edilende halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermek esasynda ählumumy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Ýewraziýanyň birnäçe sebitlerinde emele gelýän syýasy ýagdaýyň örän oýlanyşykly, anyk we düýpli baha bermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap edýändigine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynda halkara terrorçylyga, ekstremizme, kiber-biologik jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmegi, owgan meselesinde bilelikde iş alyp barmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi, senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik, tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunda ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, işewürlik düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegiň, howanyň üýtgemegi, energoüpjünçilik, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak babatda tejribeleri paýlaşmagyň, ynsanperwer ugurda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýyly türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky teklibiniň goldanylandygy üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ähli agza ýurtlaryna minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmäge bu guramanyň işjeň gatnaşjakdygyna ynanýandygyny tassyklady.


düýn 10:49
3.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

düýn 10:45
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

düýn 10:39
2.3k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
6.4k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......