Şu gün Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti geçiriler

  • 11.11.2022 09:10
  • 3.7k+

Şu gün, 11-nji noýabrda Özbegistanda Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwletleriniň Liderleriniň sammiti geçiriler. Ýokary derejeli bu duşuşyk guramanyň adynyň Türki Geňeşden Türki Döwletleriň Guramasy adyna üýtgedilmeginden soň ilkinji sammit bolar.

Sammite Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň Prezidentleri, şeýle hem Wengriýanyň premýer-ministri we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, TDG synçy döwletleriň wekilleri gatnaşar.
TDG sammitiniň temasy hökmünde «Türki medeniýetiň täze eýýamy: umumy ösüşe we abadançylyga tarap ugur» yglan edildi. Sammitiň netijeleri boýunça guramada başlyklyk Özbegistandan Türkiýä geçer, şeýle hem Samarkant Jarnamasy kabul ediler.


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......