Özbegistan we Hytaý koronawirusa garşy täze waksinany synag edýär

  • 09.11.2022 15:29
  • 7.9k+

7-nji noýabrda Özbegistanyň we Hytaýyň alymlary koronawirusyň täze ştammlaryna garşy waksinalaryň ikinji nesliniň kliniki synaglaryna girişdiler. Işläp taýýarlaýjylaryň maglumatlaryna görä, ol omikronyň häzirki ýaýran görnüşlerini öz içine alyp, has giň we güýçli immun jogabyny ýüze çykarýar. Bu barada Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligine salgylanyp, gazeta.uz habar berýär.

“Biz Etika boýunça komitetden Özbegistanda waksinalaryň ikinji nesliniň synaglaryna başlamak üçin rugsat aldyk. Bu ugurda Özbegistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygynyň üstünlikli tamamlanyp, Özbegistan we beýleki ýurtlar üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys” diýip, ýurduň innowasion ösüş ministri Ibrohim Abdurahmonow aýdýar.

Hytaý akademigi Gao Fu, öz gezeginde, Özbegistan bilen Hytaýyň bilelikdäki tagallalary esasynda koronawirusa garşy “ZF200” ýa-da “ZF-UZ-VAC-2001” waksinasynyň birinji nesliniň işlenip taýýarlanylandygyny belledi.
Koronawirusa garşy waksinalaryň täze ikinji nesli “omikron-delta” waksinasynyň ikiwalentli belokly birleşmesini özünde jemleýär.


22.03.2026 15:20
3.3k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

28.02.2026 19:43
17k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy...

30.01.2026 11:41
9.6k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...

16.11.2025 16:17
4.3k+

Hytaýly alymlar üzüm däneleriniň esasynda garramaga garşy dermanyň döredilendigini habar berdiler

Hytaýdaky Lonvi Biosciences barlaghanasynyň barlagçylary "adamyň ömrüni 100 ýaş edip, hatda ondanam uzaldyp biljek" dermanyň döredilendigini mälim etdiler diýip, The New York Times habar berýär. Şençžen şäherinde ýerleşýän barlaghana üzüm dänesiniň ekstraktynda bar bolan prosianidin C1 (PCC1) birleşmesine esaslanýan garrylyga garşy gerdejikleri işläp taýýarlady...