Hytaýyň dermany rak keseliniň üç görnüşine garşy göreşmekde oňyn netijeleri görkezdi

  • 23.05.2025 11:44
  • 4.3k+

Hytaýyň Gonkong uniwersitetiniň barlagçylary D3S-001 dermanynyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyryny tamamladylar. Derman ownuk däl öýjükli öýken, kolorektal we KRAS-G12C mutasiýaly aşgazan asty mäziniň çişlerini (rak keseli) bejermek üçin niýetlenendir diýip, South China Morning Post habar berýär.

Derman ingibitorlaryň täze nesline degişlidir we KRAS-G12C mutant belogynyň işini bökdeýär. Doktor Gerbert Lunganyň sözlerine görä, D3S-001 öňki dermanlara garanyňda has çalt täsir edýär we täsiri uzak saklanýar. Laboratoriýa şertlerinde we näsaglarda geçirilen synaglaryň dowamynda mutasiýanyň işjeňliginiň çalt we durnukly basylmagy hasaba alyndy.
Bu barlaga 62 adam gatnaşdy. Öň beýle ingibitorlary almadyk 42 hassanyň 70%-de çişler kiçeldi ýa-da ýitip gitdi. Olaryň 97%-den gowragy ýagdaýynyň durnuklaşandygyny habar berdi. Öň beýleki dermanlar bilen bejergi alan näsaglaryň 30%-de gowulaşma göründi we 80%-de kesel beterleşmändir.
Barlagçylaryň berýän maglumatlaryna görä, ters täsirleri esasan ýeňil ýa-da aram boldy.
Derman Hytaýyň D3Bio kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanýar. Ikinji tapgyryň çäklerinde gatnaşyjylaryň sanyny 80-100 adama ýetirmek meýilleşdirilýär. Üçünji tapgyrda alymlar D3S-001-i öňki ingibitorlar bilen deňeşdirerler.
Bu derman KRAS-G12C mutasiýa bilen baglanyşykly bejermesi kyn çişleri bolan näsaglary bejermegiň usullaryny giňeldip biler.


20.06.2026 12:08
6.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......