Aşgabadyň günortasynda täze sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy açyldy

  • 09.11.2022 11:18
  • 31k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. «Bu inženerçilik desgasynyň gurulmagy bilen, Aşgabadyň ýerasty suwlarynyň derejesi peselip, şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek, lagym hem ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak mümkinçiligi döredildi» diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, ýörite gurnalan mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahatda döwlet Baştutany sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi. Onda paýtagtymyzda durmuş-üpjünçilik meseleleriniň birnäçesini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berjek bu iri inženerçilik desgasynyň gurluşygyna ýokary baha berildi.
Täze açylýan desganyň gurluşygyny alyp baran Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatonyň çykyşyndan soňra, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna Aşgabat şäherinde gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň ýokary hilini, özboluşlylygyny we ekologik taýdan durnuklylygyny tassyklaýan laýyklyk güwänamalary gowşuryldy. Munuň üçin Russiýadan degişli bilermenler hem-de «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlary kompaniýasynyň wekili paýtagtymyza geldiler.


Täze desgalar toplumynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda açylyş toý bagyny kesdi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde döwrebap suw sowujy enjamlaryň işleýiş tertibi bilen tanyşdy we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna täze gulluk awtoulaglarynyň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
2.1k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......