Soňky sekiz ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllar boldy

  • 08.11.2022 17:03
  • 13k+

Bütindünýä Meteorologiýa guramasy (BMG) soňky sekiz ýyly meteorologiki gözegçilikleriň başlan wagtyndan bäri iň yssy ýyllar diýip ykrar etdi. Bu barada BMG-niň bu gurluşynyň hasabatyna salgylanyp, “Guardian” habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

BMG-niň hasabatynda 2022-nji ýylda ortaça global temperaturanyň industrialdan öňki döwre (1850-1900) garanyňda, Selsiý boýunça 1,15 gradus ýokary boljakdygy bellenilýär.
Bu 2016-njy ýyldan bäri her ýyl rekord derejede yssy bolandygyny aňladýar. Şunuň netijesinde, global ýylamanyň derejesini Selsiý boýunça 1,5 gradus bilen çäklendirmek baradaky umumy global maksada ýetmek hem şübheli bolup galýar.
BMG-niň hünärmenleri atmosfera bug gazlarynyň zyňylmagynyň dünýä ummanynyň derejesiniň ýokarlanmagyna we buzlaryň eremegine getirendigini, netijede dünýäniň dürli ýerlerinde – Pakistandan Puerto-Riko çenli adatdan daşary howanyň hasaba alnandygyny, Grenlandiýada bolsa deňiz derejesinden 3,2 müň metr belentlikde ilkinji gezek ýagşyň ýagandygyny bellediler.
Bütindünýä Meteorologiýa guramasynyň hasabatynyň neşir edilmegi ýekşenbe güni Şarm eş-Şeýhde (Müsür) açylan BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýasyna gabat getirildi.


şu gün 00:07
3.7k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

25.06.2026 19:11
5.9k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.7k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

18.06.2026 09:51
3k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......