Samarkantda geçjek Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň gün tertibi maslahatlaşyldy

  • 08.11.2022 06:48
  • 10k+

11-nji noýabrda Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji noýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde sammiti üstünlikli geçirmek baradaky arzuwyny beýan etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Özbegistanyň başlyklygynda sammitiň netijeli geçjekdigine, onuň jemleriniň bolsa türki dilli ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidentiniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Liderini Türkmenistanyň Özbegistan bilen ähli ugurlar boýunça geljekde-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyna ynandyrdy.


düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......