Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.11 — 13.11)

  • 07.11.2022 12:57
  • 23957
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.11 — 13.11)

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň (7-13-nji noýabr) dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny dykgatyňyza ýetirýär.

Balkan welaýatyndaüýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +15... +20 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +10... +15 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +6... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatyndaüýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatdaüýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 8 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +5 gradusdan +8... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +10 gradusdan +17... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.


03.02.2023 12:30
15324

Kerki — Daşoguz aralygyndaky yzygiderli howa gatnawy dikeldildi

1-nji fewraldan başlap, Kerki ― Daşoguz ― Kerki aralygynda yzygiderli howa gatnawlary dikeldildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär. Gatnawlaryň täze tertibi «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň içerki...

31.01.2023 17:36
30808

Fewralyň ilkinji günleri Türkmenistanda ýagyşly, ýöne maýyl bolar

Fewral aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanda maýyl, emma ýagyşly howa bolar. Ýurdumyzyň sebitlerinde +19 gradusa çenli gyzar. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa...

30.01.2023 15:34
44175

Turkish Airlines Türkmenbaşy-Stambul gatnawlarynyň peteklerini arzanlatdy

Turkish Airlines awiakompaniýasy Türkmenbaşy — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça gatnawlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy. Atavatan Türkmenistan neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, gidiş-geliş petegini...

29.01.2023 15:38
35434

Türkmenistanyň käbir ýerlerinde howa +20 gradusa çenli maýlar

Türkmenistanda uzaga çeken adatdan daşary aýazly howa geljek hepdede gowşar. Ýurdumyzyň käbir ýerlerinde +20 gradusa çenli maýyl bolar diýip, «Meteožurnal» neşiri ýazýar. Howanyň maýlamagy sowuk howa akymynyň Alynky...