Daşkentdäki Türkmen medeni merkeziniň 20 ýyllygy bellenildi

  • 03.11.2022 13:35
  • 5.4k+

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde ýerleşýän Türkmen medeni merkeziniň döredilmegine 20 ýyl boldy. Şu mynasybetli guralan çärelere gatnaşmak maksady bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy.

Wekiliýetiň agzalary Daşkent Döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetinde «Özbek we türkmen halklarynyň dostlugyny berkitmekde Magtymgulynyň döredijiliginiň orny» ady bilen geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar. Onuň dowamynda Özbegistanyň Daşary ýurtlar bilen milletara gatnaşyklar we dostlukly aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Agzalan komitetiň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda bu düzümiň alyp barýan işi hakynda gürrüň berildi. Nygtalyşy ýaly, Özbegistanda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň 44-si bolup, şolaryň 15-sinde okuwlar hem türkmen, hem özbek dillerinde alnyp barylýar. Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus Döwlet uniwersitetinde türkmen filologiýasy fakulteti döredildi, Ajiniýaz adyndaky Nukus mugallymçylyk institutynda bolsa türkmen dili boýunça başlangyç synp mugallymlaryny taýýarlamak fakulteti açyldy.
Şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Türkmen medeni merkeziniň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkestan» sungat köşgünde guralan konserte gatnaşdylar.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....