Delide howany hapalanmakdan goramak üçin binalary gurmak we ýykmak gadagan edildi

  • 02.11.2022 12:51
  • 18k+

Hindistanyň paýtagtynda soňky birnäçe günüň dowamynda hasaba alnan howanyň hiliniň ýaramazlaşmagy bilen göreşmek üçin birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Deli hökümetiniň wekili habar berdi diýip, Sinhua agentligi belleýär. Muny forbes.kz ýetirýär.

Aýratynam, Delide we oňa golaý sebitlerde, esasanam, howanyň hapalanma derejesi howply bolan ýerlerde binalary gurmak we ýykmak boýunça işlere gadaganlyk girizildi, şeýle-de suw pürküjiler we tüsselere garşy ýaraglar işe girizildi.
30-njy oktýabra çenli ýagdaýa görä, PM 2,5 bölejikleriniň konsentrasiýasy nukdaýnazaryndan howanyň hiliniň umumy indeksi Delide 331 bolup, bu howanyň hiliniň “örän ýaramazdygyny” görkezýär. Delä golaý Noida şäherinde howanyň hiliniň indeksi 379-a, Delidäki Mathura-roudda 354-e barabar. Bu görkezijiler howanyň “örän ýaramaz” hili kategoriýasyna degişlidir.
Deli okrugynyň Daşky gurşaw ministri Gopal Raý tozan mukdarynyň birbada ýokarlanmagynyň, ulag serişdeleriniň gazlary bilen daşky gurşawyň hapalanmagynyň, şeýle-de biomassanyň ýakylmagynyň şäherde howanyň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýändigini aýtdy.
Ministr Delide ýüze çykýan ýagdaýa jogap hökmünde binalary gurmak we ýykmak boýunça işleriň gadagan edilendigini aýtdy. Ol gadaganlygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin 586 toparyň döredilendigini sözüniň üstüne goşdy.
Mundan başga-da, Delide howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek üçin 521 suw pürküji, 233 tüssä garşy ýarag we 150 mobil tüssä garşy gurluş ulanylýar.


26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

11.06.2026 22:18
7.8k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.6k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......