5-nji noýabrda geçiriljek bag ekişlik dabarasyna taýýarlyk görülýär

  • 01.11.2022 00:45
  • 11k+

31-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda häkimler welaýatlaryň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň häzirki günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy we bu işde welaýatlaryň käbir etraplarynda depginiň pesdigine ünsi çekip, pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi. 
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi  barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda ekiljek bag nahallaryny, olaryň ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edýär, Mary welaýatynyň meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany şu ýylyň 5-nji noýabrynda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini nygtap, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk, öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine,  öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna  jogapkärçilikli  çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......