Apple IV maliýe çärýeginde arassa girdejisini 0,8% ýokarlandyrdy

  • 30.10.2022 13:13
  • 2.3k+

Apple kompaniýasy dördünji maliýe çärýeginde arassa girdejisini 0,8% ýokarlandyrdy – bu çaklanylandan gowy bolsa-da, iPhone satuwy garaşylan netijäni bermedi diýip, interfax.ru belleýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, 24-nji sentýabrda tamamlanan çärýegiň jemi boýunça arassa girdeji geçen ýylyň degişli çärýeginde alnan 20,551 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,24 dollar bilen deňeşdirilende, 20,721 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,29 dollar boldy. Girdeji sekiz göterim ýokarlanyp, bir ýyl ozalky 83,4 mlrd dollardan 90,1 mlrd dollara ýetdi.
Geçen çärýek iPhone satuwyndan gazanylan girdeji geçen ýylky 38,9 mlrd dollara garşy 42,6 mlrd dollar boldy. Mac kompýuterleriniň satuwyndan alnan girdeji 9,2 mlrd dollardan 11,5 mlrd dollara çenli, dakylýan gurluşlaryň we aksessuarlaryň satuwyndan alnan girdeji 8,8 mlrd dollardan 9,7 mlrd dollara çenli ýokarlandy. iPad satuwyndan alnan girdeji bolsa 8,3 mlrd dollardan 7,2 mlrd dollara çenli azaldy.
App Store, Apple Music, Apple Pay we iCloud serwislerinden gelýän girdeji bir ýyl ozalky 18,3 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 19,2 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 18,5%, 2,4 trln dollara çenli peseldi.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......