“Türkmenenergo” “Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary” kompaniýasy bilen goşmaça Ylalaşyk baglaşar

  • 29.10.2022 11:50
  • 8.5k+

Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Özbegistan Respublikasynyň “Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnama goşmaça Ylalaşygy baglaşar. Bu baradaky degişli Kararyň taslamasyny 28-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny nygtady. Energiýa ulgamy diňe bir Diýarymyzyň çäginde elektrik energiýasynyň ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem ýardam etmelidir. Döwlet Baştutany hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......