Ahalyň täze merkezinde organiki bakjalyga bagyşlanan okuw maslahaty geçiriler

  • 28.10.2022 00:27
  • 12k+

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» ady bilen 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyň Türkgüji bilen duşuşygynyň barşynda maslahatyň guramaçylyk derejesini maslahatlaşdy.

Aýdyň Türkgüji Ahal welaýatynyň täze merkezinde «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» ady bilen geçiriljek okuw maslahatynyň guramaçylyk meseleleri we bu okuw maslahatynyň esasy maksady hem-de onuň öňünde durýan wezipeler barada gürrüň berdi. Bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygy we täze merkeziň töwerekleriniň ekerançylyk, bagçylyk bilen gurşalyp alynmagy onuň ýokary ekologiýa ýagdaýyndan habar berýär. Şu nukdaýnazardan 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatyny guramak üçin şu ýeriniň seçilip alynmagy tötänden däldir.
Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde örän möhüm bolup durýan «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy»  atly okuw sapagynyň dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk durmuş-bilim çäresine öwrüljekdigini belledi we onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Aýdyň Türkgüji türkmen topragynda guralýan giň möçberli okuw maslahatyny guramagy we oňa gatnaşmagy özi üçin uly hormat saýandygyny belläp,  bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagalla üçin hoşallyk bildirdi.


03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......