ABŞ-dan kompaniýalar Türkmenistanda işewürligi ösdürmäge gyzyklanma bildirýär – Erik Stýuart

  • 23.10.2022 10:28
  • 13k+

ABŞ-dan we Türkmenistandan telekeçiler özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Trend-e “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji müdiri Erik Stýuart aýtdy.

“Amerikan-türkmen gatnaşyklary diýseň oňyn bolup, özara bähbide gönükdirilendir. Türkmenistanda işewürligi ösdürmäge gyzyklanma bildirýän birnäçe amerikan kompaniýasy bar we, tersine, türkmen işewür toparlary hem amerikan önümlerine we tehnologiýalaryna ýokary baha berýär” – diýip, Stýuart belleýär.

Ol ABŞ-dan işewürleriň türkmen hyzmatdaşlaryny gözlemek bilen gyzyklanýandygyny hem belledi.

“Meniň pikirimçe, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar geljekki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän ägirt uly potensiala eýe. Biz mundan beýläk hem gatnaşyklarymyzy ýokary derejede saklap, işewürlik üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmagy dowam etdirmek isleýäris” – diýip, Erik Stýuart sözüniň üstüni ýetirdi.


03.06.2026 15:06
4.4k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.3k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......