BSGG fiziki işjeňligiň peýdasy hakynda ýatlatdy

  • 22.10.2022 15:39
  • 5.9k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) ýurtlaryň hökümetlerini ýürek-damar keselleriniň, semizligiň we süýji keseliniň öňüni almak üçin fiziki işjeňligi höweslendirmäge çagyrdy. Çarşenbe güni çap eden nutugynda ol şu ugur boýunça çäreleriň geçirilmezligi 2030-njy ýyla çenli bu keselleriň adamlaryň 500 mln-a golaýynda beterleşjekdigini duýdurdy diýip, TASS ýazýar.

"Eger hökümet ilatyň fiziki işjeňligini giňden höweslendirmese işjeňligiň ýokdugy bilen bagly döreýän ýürek-damar keselleri, semizlik, süýji keseli we beýleki ýokanç däl keseller 500 mln töweregi adamda beterleşer. Bu ýagdaý 2020-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli (bejergä goşmaça çykdajylar sebäpli) hökümete her ýylda 27 mlrd dollara düşer" - diýip, nutukda aýdylýar.   

BSGG-niň ekspertleri 194 ýurduň maglumatlaryny seljermek bilen, "umuman alaňda bu ugurda ösüş haýal gidýär" we döwletler "fiziki işjeňligiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty işläp taýýarlamagy we amala aşyrmagy tizleşdirmeli" diýen netijä geldiler.
Nutuga görä, ýurtlaryň ýaryndan az bölegi degişli syýasaty işläp taýýarladylar, 40%-inden azynda bolsa ol hakykatdanam amala aşyrylýar. Döwletleriň 30%-de ähli ýaş toparlary üçin fiziki işjeňlik boýunça gollanma bar we 40%-den azynda bolsa welosipedçileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýol standartlary hereket edýär. 


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......