Şawkat Mirziýoýewe TDU-nyň "Hormatly professory" alymlyk ady dakyldy

  • 22.10.2022 10:07
  • 26k+

21-nji oktýabrda Türkmenistana saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Hormatly professory” alymlyk ady dakyldy. Şu mynasybetli bu bilim ojagynda dabara geçirildi.

Özbegistanyň Baştutany uniwersitetiň mejlisler zalyndaky sahnada özi üçin ýörite bellenen ýere geçdi Bu dabara mynasybetli TDU-nyň professor-mugallymlar düzümi, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Şeýle-de dabara Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.
TDU-nyň rektory ýygnananlary belent mertebeli myhmanyň terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Ol köp ýyllaryň dowamynda abraýly döwlet wezipelerinde işledi. Soňra Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Hormatly professory” alymlyk adyny dakmak baradaky çözgüdi yglan edilýär.
Özbegistanyň Baştutany TDU-nyň “Hormatly professory” alymlyk adynyň dakylandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birinde bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda belent mertebeli myhmana dabaraly ýagdaýda türkmen milli dony geýdirilýär we degişli attestat gowşuryldy.
Özbegistan Respublikasynyň Baştutany şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde çykyş etmegiň özünde uly kanagatlanma döredýändigini belläp, şeýle abraýly bilim edarasynyň, ylym merkeziniň “Hormatly professory” adynyň dakylandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we munuň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. 
Belent mertebeli myhman berk binýady goýlan, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleriniň mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynam bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr, ylym-bilim ýaýradyjy we filosof Magtymguly Pyragynyň meşhur goşgusyndan: “Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr” diýen sözleri getirdi. 


şu gün 16:30
232

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
504

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......