Şawkat Mirziýoýew "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

  • 21.10.2022 14:59
  • 9.5k+

"Şu gün ýurdumyzda resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp, «Baky şöhrat» ýadygärligine gül dessesini goýdy" diýip, "Türkmenistan" gazeti ýazýar.

Nygtalyşy ýaly, paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän we türkmen halkynyň edermen ogullaryna hormatyň hem-de milletiň beýik geçmişine goýulýan sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dostlukly döwletiň Baştutanyny Aşgabat şäheriniň häkimi garşylady.
Bu ýerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylygyň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezenleri hatyralaýan «Baky şöhrat» ýadygärligine gül desseleri goýuldy we deňsiz-taýsyz gahrymançylyga tagzym edildi. 
Soňra belent mertebeli myhman «Watan mukaddesligi» muzeýine baryp gördi we Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
746

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......