Şu gün Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlanýar

  • 20.10.2022 08:15
  • 23k+

Şu gün, 20-nji oktýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geler. iki günlük resmi sapar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Saparyň barşynda şeýle hem Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasy hem-de Serhetara söwda merkeziniň gurluşygy boýunça taslama badalga bermek göz öňünde tutulýar.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
746

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......