Gündogar Antarktidada buzlugyň ereýiş tizligi kesgitlendi

  • 19.10.2022 07:55
  • 22k+

Döwlet ylmy we amaly barlaglar birleşiginiň (CSIRO) awstraliýaly alymlary gündogar Antarktidada buzlugyň ereýşiniň tizligini kesgitlediler. Bu barada The Guardian gazeti anna güni habar berdi. 

Ekspertleriň maglumatyna görä, Denman şelf buzlugynyň ereýiş tizligi ýylda 70,8 mlrd tonna buza barabardyr. Uzak wagtlap gündogar Antarktida, Grenlandiýa bilen deňeşdirilende, ereme howpy az hasaplanýardy, ýöne bu barlag ýyly suwuň bu yklyma hem gelip ýetýändigini görkezdi.
CSIRO-nyň wekili Stiwen Rintoulyň tassyklamagyna görä, şeýle tendensiýa deňiz derejesiniň owal çak edilişinden has ýokarlanmagyna getirýär. Soňky 25 ýylyň içinde Dünýä ummany 7,5 sm ýokary galdy, deňeşdireňde tutuş XX asyrda suw bary-ýogy 17 sm galdy diýip neşir takyklaýar. 
Rintoulyň sözlerine görä, barlagçylaryň topary 2025-nji ýyla meýilleşdirilen ekspedisiýa wagtynda täze RSV Nuyina awstral ledokolynyň kömegi bilen goşmaça maglumatlary ýygnamaga umyt baglaýarlar. 
CSIRO-nyň we britan Sautgempton uniwersitetiniň dokladynda umman akymlarynyň ugruny üýtgetmegi sebäpli, XX asyryň birinji ýarymyndan bäri deňeşdireňde, Antarktidanyň gündogar kenarýakasynyň suwunyň temperaturasy 2-3 gradus ýokary galdy diýip, habar berilýär.  
Antarktida, soňky barlaglar esaslansaň, ýylda 155 mlrd tonna buzuny ýitirýär, bu bolsa beýleki dünýä buzluklarynyň eremegi bilen bilelikde dünýä ummanynyň derejesini ep-esli galdyrýar.  


04.03.2026 16:01
1.1k+

Alymlar metandan dermanlyk madda almagy öwrendiler

Alymlar metany derman öndürmekde ulanyp boljak çylşyrymly himiki maddalara öwürmegiň täze usulyny işläp düzdüler. Bu baradaky barlag Science Advances žurnalynda çap edildi. Taslamanyň esasy üstünligi – taryhda ilkinji gezek metandan gönüden-göni dimestrol maddasynyň alynmagydyr...

18.02.2026 07:37
7.7k+

Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler...

14.02.2026 14:15
3.1k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler...

04.02.2026 10:47
3.4k+

Alymlar CO₂ derejesini peseltmek üçin agaçlary suwa basdyrmagy teklip edýärler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Ulf Býutgeniň ýolbaşçylygynda Demirgazyk buzly ummanynyň düýbüne agaçlary çümdürmek arkaly uglerody uzak möhletleýin saklamak usulyny hödürlediler. Bu ylmy garaýyş 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda NPJ Climate Action žurnalynda çap edildi...