Ýewropa kosmos agentliginiň täze Sentinel-6B hemrasy deňiz derejesiniň ýokary galşyny ölçär

  • 28.07.2025 13:53
  • 5.1k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Sentinel-6B hemrasyny uçmaga taýýarlamak üçin uçuş meýdançasyna iberdi. Deňiz derejesini takyk ölçemek üçin döredilen enjam Industrial Dolphin gämisindäki klimat-kontrolly konteýnere ýüklendi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gündogar kenaryna gelensoň, awtoulagly Kaliforniýadaky Wandenberg kosmodroma eltiler. Ol noýabr aýynda uçurylar.

Sentinel-6B orbitada 2020-nji ýylda uçurylan Sentinel-6 Michael Freilich hemrasy bilen bilelikde işlär. Bilelikdäki gözegçilikler iki enjamdan hem alynjak maglumatlaryň takyklygyny ýokarlandyrar.
Apparatdaky esasy gural C- we Ku-diapazonlarda işleýän Poseidon-4 radiolokasion beýiklik ölçeýjisidir. Ol deňziň ýüzüniň beýikligini, uly tolkunlary we ýeliň tizligini ölçeýär. NASA missiýa beýiklik ölçeýjiniň maglumatlaryny düzedýän mikrotolkunly radiometr berdi, ol atmosferada suwuň mukdaryny ölçemek üçin niýetlenen. Sentinel-6B orbitada azyndan 2030-njy ýyla çenli işlär.
Hemra Ýewropanyň daşky gurşawa gözegçilik etmek üçin niýetlenen Copernicus torunyň bir bölegidir. Ony döretmeklige ESA, NASA, Eumetsat, NOAA we Fransiýanyň CNES agentligi gatnaşdy. Enjamy Airbus Defence and Space-iň nemes bölümi döretdi, beýiklik ölçeýjini bolsa Thales Alenia Space-iň fransuz bölümi işläp düzdi.
Missiýa 1992-nji ýylda Topex Poseidon missiýasy tarapyndan başy başlanan we Jason hemralary tarapyndan dowam etdirilen deňiz derejesine gözegçilik işini dowam etdirýär. Sentinel-6B-niň maglumatlary tebigy betbagtçylyklary çaklamaga we howanyň üýtgemegini modelirlemäge kömek eder.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......