Antarktidanyň buzlarynyň astyndan gelen adaty bolmadyk signallar alymlary geň galdyrdy

  • 18.06.2025 14:36
  • 16k+

Pensilwaniýa uniwersitetinden gözlegçileriň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Antarktidada adaty bolmadyk radiosignallary ýüze çykardy. Bu signallar buz bilen örtülen yklymyň üstündäki howa şarlaryna ornaşdyrylan Antarctic Impulsive Transient Antenna (ANITA) detektory tarapyndan ýazga alyndy. «Physical Review Letters» žurnalynda çap edilen ylmy makalada aýdylmagyna görä, bu radiosignallar elementar bölejikleriň fizikasynyň häzirki wagtda kabul edilen kanunlaryna laýyk gelmeýär.

Adatça, ANITA neýtrino atly bölejikleriň buz bilen täsirleşende döredýän radiotolkunlaryny anyklamak üçin niýetlenendir. Ýöne bu gezek ýazga geçirilen signallar buzdan şöhlelenenok, tersine, ýeriň ýüzünden 30 gradus çemesi burç bilen aşakdan çykyp gelýärdi. Şeýle tolkunlar, adatça, ýeriň gatlaklary (gaýalar) tarapyndan siňdirilmelidi, emma beýle bolmady.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde, alymlar bu signallaryň neýtrino bilen baglanyşykly däldigini aýtdylar. Neýtrinolar – zarýadsyz, tas agramsyz we maddalar bilen seýrek täsirleşýän bölejiklerdir. Ýüze çykarylan adaty bolmadyk signallar olaryň häsiýetlerine we häzirki zaman fiziki modellere gabat gelmeýär.
Alymlar bu signalaryň bize mälim bölejiklerden gelip çykýandygyny hem ret etdiler. Munuň üçin olar IceCube we Pierre Auger ýaly beýleki detektorlaryň maglumatlary bilen deňeşdirmeleri geçirdiler. Şol enjamlaryň hiç biri şeýle signallary belläp bilmändir.
Häzirki wagtda Wisseliň topary bu näbelli signallaryň gelip çykyşyny has çuňňur öwrenmek üçin täze detektory – PUEO enjamyny işläp düzýärler. Alymlar täze enjamyň heniz ylma belli bolmadyk bölejikleri ýa-da fiziki täsirleşmeleri açyp görkezjekdigine umyt bildirýärler.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
972

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....