HBS: Mitsubishi Minicab-MiEV elektromobiliniň söwdasyny täzeden dikelder

  • 19.10.2022 07:50
  • 6.5k+

Ýaponiýanyň Mitsubishi Motors awtokonserni noýabr aýynda 2021-nji ýylyň martynda önümçiligi togtadylan Minicab-MiEV modelli elektromobilleriniň söwdasyny täzeden dikelder. Bu barada duşenbe güni NHK teleýaýlymy habar berdi.

Öň önümçiligi togtadylan ulag serişdesiniň satuwynyň täzeden dikeldilmegi "aýratyn ýagdaý" hasaplanýar diýip teleýaýlym belleýär. 
Şonuň bilen birlikde, alyjylaryň kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň möçberini azaltmaga jan edýändikleri üçin elektromobillere bolan islegiň artmagy bilen bagly, şeýle-de dünýä bazarynda hytaý öndürijileriniň täsiriniň güýçlenýändigi sebäpli Mitsubishi degişli karary kabul etdi diýip, NHK nygtaýar.  
Minicab-MiEY ilkinji gezek 2011-nji ýylda çykdy. Onuň batareýasy bir gezek alan zarýady bilen takmynan 133 km ýol geçip bilýär. 
Ýanwar aýynda Renault-Nissan-Mitsubishi awtoulag alýansy elektromobil tehnologiýasynyň ösüşine bäş ýylyň dowamynda 23 mlrd ýewro maýa goýmak meýliniň bardygyny aýtdy. Degişli çäreler 2030-njy ýyla çenli elektromobilleriň 35 sany täze modelini döretmäge mümkinçilik döreder diýip garaşylýar.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......