Türkiýäniň Bartyn welaýatynda Amasra etrabynda kömür şahtasynda bolup geçen heläkçilik zerarly aradan çykanlaryň sany 41 adama ýetdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Heläkçilik bolan ýerden soňky maglumatlary Türkiýäniň içeri işler ministri Suleýman Soýlu habar berdi.
Heläkçilik bolan ýerde bolan 110 adamyň 58 sanysy halas edildi.
Amasra etrabynda şahtalaryň birinde anna güni ýerli wagt bilen 18:15-de partlama bolup geçdi.
«Ejir çeken 11 adamy halas etmek üçin elde baryny edýäris. Şolaryň altysy Stambulda, bäşisi - Bartynda bejergi alýar» — diýip, Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja habar berdi.