Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana ilkinji döwlet sapary başlandy

  • 15.10.2022 10:48
  • 12k+

Şu gün, 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet sapary başlandy.

Saparyň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikiçäk görnüşde hem-de iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçiriler.
Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça bilelikdäki resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.


düýn 15:25
1.2k+

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda şu ýylyň üçünji çärýeginde Türkmenistanyň daşary syýasy durmuşynda bolup geçen esasy wakalar barada makalalar berilýär...

düýn 15:12
1.1k+

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Oba hojalygy we oba işleri boýunça Komitetiniň Başlygynyň orunbasary jenap Duan Çunhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi...

düýn 15:07
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň itşynaslaryny, alabaý itleriniň janköýerlerini we ýurdumyzyň halkyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany gutlagynda öý-ojagy, asudalygy goramakda, wepalylykda türkmen alabaýlarynyň tebigy we nusgalyk häsiýetlere eýedigini belläp geçýär...

düýn 15:00
1.7k+

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär...