Melaniýa Tramp Ak tamdaky sammite robot bilen tirkeşip bardy

  • 28.03.2026 17:05
  • 16k+

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp Ak tamda geçirilen «Geljegi bilelikde ilerledýäris» atly global koalisiýanyň sammitine Figure Three atly gumanoid robot bilen tirkeşip bardy. Bu barada The Independent neşiri habar berýär.

Robot köpçüligiň öňünde: «Meni Ak tama çagyrandygy üçin birinji hanym Melaniýa Trampa minnetdarlyk bildirýärin» diýip, söz sözledi.

Birnäçe wagt mundan ozal Melaniýa Tramp talyplary we mugallymlary dürli meseleleri çözmekde döwrebap tehnologiýalary ulanmaga höweslendirmek maksatly geçirilýän emeli aň boýunça milli bäsleşige badalga beripdi. Ol şonda: «Bir wagtlar Amerikanyň asmana uçmakda dünýä öňbaşçylyk edişi ýaly, biz ýene-de öňdebaryjy orunlary eýelemäge taýýardyrys. Ýöne bu gezek emeli aň eýýamynda» diýip belläpdi.

Bu bäsleşik ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýaşlaryň arasynda emeli aň boýunça bilimi ösdürmäge gönükdirilen permanyna laýyklykda geçirilýär.


17.06.2026 08:18
1.5k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

15.06.2026 12:29
1.3k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

03.06.2026 10:42
1k+

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

21.05.2026 09:37
964

Eliň bilen ýasa: Singapurda adampisint roboty ýygnamak üçin ýörite toplum çykaryldy

Singapuryň Menlo Research kompaniýasy açyk kodly adampisint roboty el bilen gurnamak üçin niýetlenen «Asimov» atly täze toplumy tanyşdyrdy. Tehnologik toplumyň bahasy takmynan 15 müň dollara barabar....